SPORT

Dewid N’Gog karýerasyny tamamlady

Bir döwürler Fransiýanyň PSŽ hem-de Angliýanyň “Liwerpul” toparlarynyň lybasy bilen çykyş eden oýunçy Dewid N’Gog öz futbol karýerasyny tamamlady. 31 ýaşly fransuz hüjümçisi Dewid N’Gog Litwanyň “Zalgiris” klubynyň hataryna goşulanyndan 4 aý soň pensiýa çykmak kararyna geldi.

2006-2008-nji ýyllarda PSŽ toparynda, 2008-2011-nji ýyllarda bolsa “Liwerpul” toparlarynda oýnan Dewid N’Gog şu ýylyň fewral aýynyň 15-ine Litwanyň “Zalgiris” toparyna transfer edildi.

Fransuz hüjümçisi häzirki wagta çenli futbol karýerasynda 9 sany toparda, 340 sany oýunda oýnap, 74 gezek tapawutlanmagy başardy

Related posts

Uzaga çeken futbol duşuşygy

Türkmen türgenlerini Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin guramaçylyk topary döredildi

Mark Kukurella “Real Madrid” toparyna geçdi