SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dubaý daşary ýurtly syýahatçylary kabul etmäge taýýarlanýar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäheri şu ýylyň 7-nji iýuldan daşary ýurtly syýahatçylary kabul etmäge taýýarlanýar. Bu barada ýurduň hökümet wekiliýeti “Twitter” jemgyýetçilik torundaky hasabyndan beýan etdiler.

Şähere gelýänlerden koronawirus ýokanjynyň ýokdugy baradaky şahadatnama hökman bolmalydyr. Şeýle hem howa menzilinde myhmanlaryň lukmançylyk barlagyndan geçmegi üçin ähli şertler döredildi.

22-nji iýundan başlap, ýaşamak üçin ygtyýarnamasy bolanlar şähere girip bilerler, 23-nji iýundan Dubaýyň ýaşaýjylaryna daşyna çykmaga rugsat berilýär.

Koronawirus ýokanjynyň giňden ýaýramagy bilen Dubaý şäheri 26-njy martda şähere gelip-gitmekligi wagtlaýyn togtadypdy.

Related posts

Aýaklaryňyzy berk saklaň, garrylygyň öňüni alyň..!

Ata Watan Eserleri

“Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-sy sowgat edildi

Gresiýa daşary ýurtly syýahatçylar üçin açyldy