DÜNÝÄ

Nepal Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýär

2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Nepalyň Pakistandaky täze ilçisi hanym Rita Dhital Diplomatik korpusyň duaýeny, Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen duşuşmak üçin Türkmenistanyň Ilçihanasyna geldi.

Duşuşykda taraplar sebitdäki ýagdaý barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň ilçisi hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, ykdysady ösüşi goldamak, sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmek maksady bilen öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň başlangyçlary esasynda amala aşyrylýan möhüm energiýa we transport taslamalary barada gürrüň berdi.

Rita Dhital Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyna ýokary baha berdi we Nepal bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirdi.

Taraplar Yslamabatda diplomatik korpus tarapyndan gurnalýan işler we taslamalar barada hem pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy