JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi. Bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahaty başlyklyk edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, geçiriljek çäreler bilen bagly ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmegiň, ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini giňden ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow we Merkezi bankyň başlygy bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň geçirilmelidigini belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wise-premýer H.Geldimyradowa öňde boljak çäreleri geçirmek bilen bagly zerur maliýe işleriniň bökdençsiz amala aşyrylmagyny üpjün etmegi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanowa bolsa ýubileý ýyly bilen bagly geçiriljek çäreleriň guramaçylyk meselelerine zerur bolan ýardamy bermegi tabşyrdy.

Soňra Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewe ýüzlenip, ýubileý ýyly mynasybetli baýramçylyk saçaklaryny bezejek naz-nygmatly harytlar, milli tagamlar bilen bagly degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowa ýüzlenip, çäreleriň geçirilýän günlerinde paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleriň döredilmegini, bu möhüm senä taýýarlyk görmek bilen bagly Aşgabadyň abadanlaşdyrylmagyny, ýylyň şygary bilen baglanyşykly bezeg işleriniň geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy şanly sene mynasybetli sowgatlyk harytlar baradaky meselä geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary N.Atagulyýewe Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda söwda nokatlaryny açyp, olarda dürli görnüşli harytlaryň, şol sanda milli sowgatlyk we ýadygärlik harytlaryň söwdasynyň ýokary hilli guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz dokma kärhanalarynyň şanly sene bilen bagly sowgatlyk önümleri öndürmelidiklerini aýtdy, wise-premýere geçiriljek çärelere bagyşlanan sergileri ýokary derejede taýýarlamak üçin zerur bolan ýardamy bermegi, halkara çärelere gatnaşyjylaryň hormatyna beriljek günortanlyk we agşamlyk naharlaryny ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary M.Mämmedowa ýüzlenip, medeniýet edaralary tarapyndan ýubileý ýyly bilen bagly geçiriljek medeni-köpçülikleýin, baýramçylyk çäreleriniň, teatr sahnalarynyň ýokary derejede guralmagyny, şanly senä bagyşlanan maslahatlarda medeniýet bilen bagly ähli meselelere seredilmegini, çäreleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary derejede beýan edilmegini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa geçiriljek çäreler bilen bagly halkara ylmy-amaly maslahatlary guramak boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy, ýokary okuw mekdeplerinde şanly senä degişli okuw sapaklaryny yzygiderli guramagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, halkara çäreleriň geçirilýän hem-de myhmanlaryň bolýan ýerlerinde sanitariýa we arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegiň zerurdygyna üns çekildi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, hemişe bolşy ýaly, bu halkara çäreleri hem ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz wise-premýer, daşary işler ministrine halkara çäreler bilen ugurdaş çäreleri guramaçylykly, many-mazmun taýdan ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagy, olaryň protokol-guramaçylyk meselelerini utgaşdyrmak wezipesini ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy wise-premýer, daşary işler ministrine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde halkara çäreleriň maksatnamasyny işläp taýýarlamak üçin ähli zerur işleri ýerine ýetirmegi hem-de olara gatnaşmagy göz öňünde tutulýan daşary ýurt wekiliýetleriniň sanawyny anyklamak bilen bagly degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, degişli Permana laýyklykda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň guramaçylyk döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary bolup durýandygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, toparyň agzalaryna göz öňünde tutulýan halkara çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli meseleleri R.Meredowyň üsti bilen utgaşdyrmagy tabşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri halkara çäreler bilen bagly ulag-aragatnaşyk meselelerine ünsi çekip, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe çärelere gatnaşjak myhmanlary ýörite howa gatnawlary bilen getirmek, alyp gitmek, garşy almak we ugratmak işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz ýokary hilli aragatnaşyk, internet hyzmatlaryny guramagyň, ýokary derejedäki resmi wekiliýet agzalaryny awtoulaglar bilen üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

Ýapon ilçisi: Türkmenistanda ýapon dilini öwrenýänleriň sany ep-esli artdy

Türkmenistanda daşary ýurt hukuk diplomlaryny ykrar etmegiň tertibi täzelendi

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy