DÜNÝÄ

Indoneziýa BRIKS-iň doly hukukly agzasy boldy

Braziliýanyň Hökümeti 1-nji ýanwarda BRIKS toparynyň başlyklygyny kabul etdi we Indoneziýanyň bu topara agza bolandygyny habar berdi. Bu barada Braziliýanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

– Braziliýanyň Hökümeti Indoneziýa Respublikasynyň BRIKS toparyna dolu hukukly agzalyga resmi taýdan kabul edilendigini yglan edýär – diýlip, Braziliýanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Braziliýanyň BRIKS guramasyndaky başlyklygy 31-nji dekabra çenli dowam eder.

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Belarus, Boliwiýa, Indoneziýa, Gazagystan, Kuba, Malaýziýa, Tailand, Uganda we Özbegistan guramanyň hyzmatdaşlary hökmünde kabul edildi.

BRIKS guramasy – ýurtlaryň döwletara bileleşigidir. 2024-nji ýylyň 22-24-nji oktýabrdynda Kazanda geçirilen BRIKS sammitinde bu guramanyň işine goşulmak üçin 35 ýurtdan arza kabul edilipdi.

Bu gurama Russiýa, Hytaý, Braziliýa we Hindistan tarapyndan döredildi. Soňra olaryň hatarynda Günorta Afrika Respublikasy goşulyp, gurama BRIKS adyny alypdy. 2024-nji ýylyň başynda Müsür, Efiopiýa, Eýran we BAE guramanyň doly hukukly agzasy boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy