SPORT

Türkmenistanly eminleriň 15-si FIFA-nyň sanawynda orun aldylar

Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Federasiýasy (FIFA) 2025-nji ýylda halkara ýaryşlarynda eminlik etjek eminleriniň sanawyny çap etdi. Geçen ýylky bilen deňeşdirilende, täzelenen sanawda Türkmenistandan wekilçilik etjek eminleriň sany 13-den 15-e çenli köpelipdir. Bu barada federasiýanyň saýty habar berýär.

Halkara derejeli eminleriň sanawyndan Türkmenistandan FIFA-nyň 4 emini, FIFA-nyň kömekçi eminleriniň 6-sy, futzal boýunça eminleriň 2-si orun alypdyr. Şeýle-de, Aşgabatly FIFA-nyň emini Timur Gulmyradow kenarýaka futboly boýunça geçiriljek halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga mümkinçilik aldy.

Türkmenistanly zenan eminleriň ikisi Kristina Bersenýowa (FIFA derejeli eminiň kömekçisi) bilen Merjen Bagşyýewanyň (futzal boýunça FIFA-nyň emini) hem FIFA-nyň sanawyndan orun alandyklaryny aýratyn bellemek gerek.

FIFA-nyň eminleri:

Resul Mämmedow (Aşgabat ş.)

Eziz Annamyradow (Balkanabat ş.)

Berdimämmet Atdyýew (Tejen ş.)

Arslan Goşşanow (Tejen ş.)

FIFA-nyň kömekçi eminleri:

Mergen Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ähmet Begnazarow (Mary ş.)

Akmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)

Yhlas Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Pälwan Pälwanow (Daşoguz ş.)

Kudratbek Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kristina Bersenýowa (Aşgabat ş.)

FIFA-nyň futzal eminleri:

Timur Ramazanow (Aşgabat ş.)

Mekan Toýlyýew (Aşgabat ş.)

Merjen Bagşyýewa (Mary ş.)

FIFA-nyň kenarýaka futboly boýunça emini:

Timur Gulmuradow (Aşgabat ş.)

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynda çykyşyny tamamlady

Ata Watan Eserleri

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý