DÜNÝÄ

Özbegistan 300 taslama üçin 43 milliard dollar gönükdirer

Geljek ýyl Özbegistan 43 milliard dollarlyk maýa goýumlaryny özleşdirmegi meýilleşdirýär.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda 2024-nji ýylda maýa goýum pudagyndaky işleriň netijeleri we  2025-nji ýyldaky wezipelere bagyşlanan maslahatda mälim edildi.

Gönükdiriljek maýa goýumlar 300-den gowrak iri taslamany durmuşa geçirmäge we import bilen bäsleşip biljek 662 täze görnüşli önüm öndürmäge mümkinçilik berjekdigi aýdyldy.

Özbegistanyň maksady 2030-njy ýyla çenli ýyllyk eksporty iki esse artdyrmak we 45 milliard dollara ýetirmekden ybarat.

2024-nji ýylda ykdysadyýete maýa goýumlarynyň mukdary 1,3 esse artyp, 36 milliard dollardan geçdi. Munuň netijesinde ýylyň başyndan bäri 560 uly we orta göwrümli taslama işe girizildi.

Umuman alanyňda, 2017-nji ýyldan bäri ähli çeşmelerden Özbegistanyň ykdysadyýetine 188 milliard dollar maýa goýum çekildi, şolardan 87 milliard dollary daşary ýurt maýa goýumlarydyr. Bu, jemi içerki önümdäki maýa goýumlarynyň paýyny 30% -den gowrak ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi, bu bolsa durnukly ykdysady ösüş üçin esas boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar