MEDENIÝET

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Ýewropanyň öňdebaryjy “Euronews” teleýaýlym habarlar tory Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde sebitleýin edarasyny açdy. Bu barada Gazagystanyň Medeniýet we maglumat ministrligi habar berýär.

Açylyş dabarasyna Gazagystanyň medeniýet we maglumat ministri Aida Balaýewa gatnaşyp, dabarada eden çykyşynda “Euronews”-yň işine başlamagynyň Gazagystanyň maglumat ulgamy üçin möhüm waka bolandygyny belledi. Şeýle hem ol munuň Gazagystanyň baý medeni mirasyny we döwrebap ösüşlerini dünýäde giňden wagyz etmek üçin hem ähmiýetlidigini aýtdy.

“Euronews” teleýaýlymy Astanada geçirilen Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň maglumat hyzmatdaşy bolup, bu oýunlary tutuş dünýäde 39 milliondan gowrak adamyň tomaşa etmegine mümkinçilik berdi we bu ugurda 10 sany dürli görnüşde gepleşikler taýýarlandy.

“Euronews” habarlar torunyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Gazagystan bilen metbugat ulgamynda hyzmatdaşlyk etjekdiklerini belläp, “Euronews Academy” taslamasyny durmuşa geçirip, şonuň netijesinde ýerli metbugat wekilleriniň hünärleriniň ýokarlandyrmagy ugrunda tagalla ediljekdigini belledi.

Ýene-de okaň

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar