DÜNÝÄ

Putin: Tramp bilen duşuşmaga taýýar

Düýn Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýlyyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin metbugat maslahatyny geçirdi. Onuň çäklerinde Russiýanyň Prezidentine 2 milliondan gowrak sowal gelip gowuşdy. 4 sagatdan gowrak dowam eden göni ýaýlymda Wladimir Putin 60 golaý sowala jogap berdi.

Şol sowallaryň arasynda Putine ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşmak isläp-islemeýändigi soraldy. Putin Tramp bilen duşuşmaga ýa-da gürleşmäge taýýardygyny belledi.

– Men onuň bilen haçan duşuşjakdygymyzy bilemok. Ol hem bu barada entek zat aýdanok. Men onuň bilen 4 ýyldna gowrak wagtdan bäri gürleşmedim. Islendik wagtda duşuşmaga we gürleşmäge taýýar – diýip, Putin belledi.

Related posts

GDA-nyň başlyklygy Täjigistana geçdi

Russiýanyň Prezidenti dört günlük sapar bilen Hytaýa barar

Aşgabatda türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy