DÜNÝÄ

Türkmenistan Eýrandan 4640 adamyň Watanyna dolanmagyna ýardam etdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň halkara ynsanperwer işi barada hasabat berdi. “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkara ynsanperwer işi barada habar berildi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, goňşy ýurtlarda bolup geçýän syýasy strategik ýagdaýlary nazara almak bilen döwletimiz tarapyndan möhüm ynsanperwer çäreler durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýakyndan golda bermeginde Türkmenisan Ýakyn Gündogar sebiti bilen araçäkleşýän ýeke-täk Merkezi Aziýa döwleti hökmünde bu goňşy sebitde ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaý sebäpli ynsanperwer çäreleri durmuşa geçirýär.

Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň howam gämilerini Aşgabadyň howa menziline gondurmak we olara hyzmat etmek, türkmen-eýran serhedindäki ähli gözegçilik geçiriş nokatlarynyň gije-gündiz işlemegini üpjün etmek üçin degişli işler geçirildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň daşary ýurtly döwletleriň müňlerçe raýatlarynyň ýurdumyzyň üsti bilen öz döwletlerine gitmekleri üçin ynsanperwer geçelge döretdi.

Häzirki wagta çenli şol geçelgeden 4640 adam geçdi. Olaryň arasynda Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Ýewropanyň, Afrikanyň we Amerika kontinetiniň 50-den gowrak döwletiniň raýatlary bar.

 

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy