Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň bitewi we jebis jemgyýetimiziň belent döredijilik ruhuny öz içine alýan hem-de jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan umumymilli baýram hökmünde bellenmegi biziň her birimizi watançylyk duýgusyna, uly ruhubelentlige besleýär.
Bu gün külli türkmen iliniň akyldaryň bir başa uýmak sargydyndan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň töwereginde jem bolup, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň ajaýyp baýram edilmegi, akyldar şahyryň edebi mirasynyň öwrenilmegi, dünýä giňişliginde wagyz edilmegi biz ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejede dabaraly bellenildi. Onuň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
2024-nji ýylda möhüm ähmiýetli halkara çäreler geçirildi. Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellenildi. Daşary ýurtlarda bu şanly sene bilen bagly wajyp ähmiýetli çäreleriň 170-e golaýy geçirildi. Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly ýubileýine bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi esasy waka boldy.
Forum Magtymgulynyň filosofik mirasyna daýanmak bilen, halkara parahatçylygy pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi, ynanyşmagy güýçlendirmekde, ösen dialog medeniýetiniň güýjüne we geljegine bolan ynamy berkitmekde möhüm birleşdiriji şert bolup çykyş etdi. Bu halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny belende göterdi. Dünýä bileleşigi tarapyndan biziň ýurdumyza, türkmen halkyna, onuň baý taryhyna, medeniýetine uly hormat bilen garalýandygyny görkezdi.
Türkmen edebiýatynyň ösüş taryhynda esasy orun Magtymguly Pyraga degişlidir. Parasatly şahyr Magtymguly türkmen edebiýatyny mazmun taýdan baýlaşdyran, halkylygy, milliligi ösdürip durmuş bilen baglanyşdyran beýik söz ussadydyr. Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyr bolup, onuň şygryýet älemi – türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmegi, şeýle hem onuň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi ady belli söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetlidigini görkezýär. 1992-nji ýylda döredilen bu maksatnama dünýäniň aýratyn ähmiýete eýe bolan ýazuw ýadygärliklerini gorap saklamagy, giň jemgyýetçiligiň olara elýeterliligini üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramçylygy ÝUNESKO-nyň 2024-2025-nji ýyllardaky şanly seneleriniň sanawyna girizildi. Ýurdumyzyň bu başlangyjy ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň şu ýylyň maýynda Pariž şäherinde geçirilen mejlisinde makullanyldy. Bu çözgüt meşhur nusgawy şahyryň döredijiligini diňe bir wagyz etmek bilen çäklenmän, ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän medeni diplomatiýany ählumumy derejede ilerletmäge hem ýardam eder.
Şanly senä bagyşlanyp, şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu forum Magtymgulynyň ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň edebiýaty, medeniýeti öwreniji, taryhçy alymlary üçin iň özüne çekiji şahsyýetleriň biridigini tassyklady. Şunda beýik söz ussadynyň Gündogar halklarynyň milli edebiýatlarynyň ösüşindäki täsirini öwrenmek ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär.
Aşgabadyň günorta böleginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ägirt uly ýadygärligi hem beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň nyşanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň teklibi boýunça toplumyň çäklerinde daşary ýurtlaryň nusgawy şahyrlarynyň we akyldarlarynyň heýkelleri hem oturdyldy. Bu Magtymguly Pyragynyň parasatly goşgularynda wasp edilýän halklaryň dost-doganlygynyň, hoşniýetli goňşuçylygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Ejeş Taganowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.