Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli halkara maslahat geçirildi. Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalara bagyşlanan halkara maslahatyna “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň alyp barmagynda geçirilen maslahata BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa German, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym, Özbegistanyň Prezidentiniň daşary syýasat boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilow, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakala, şeýle hem dünýäniň köp sanly ýurdundan wekiliýetler gatnaşdy.
Halkara maslahatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti, şeýle hem türkmen bitaraplygynyň häzirki döwürde parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi gazanmakdan ýetirýän oňyn täsirleri barada çykyşlar edildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi barada gürrüň edildi.
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini ilkinji goldan döwletleriň biri bolan Türkiýäniň Türkmenistan bilen halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýandygyny belledi.
Binali Ýyldyrym özüniň ýolbaşçylyk edýän Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň işi barada aýdyp, bu geňeşiň hem halkara parahatçylygy pugtalandyrmakda oňyn işleri alyp barýandygyny aýtdy.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň yglan edilmegi, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň 69-njy mejlisinde dünýä bileleşigine agza döwletleriň 193-siniň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasynyň ikinji gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde at-abraýynyň ýokarydygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.