SPORT

“Arkadag” topary Türkmenistanyň futbol çempionatyny ýeňlişsiz tamamlady

Arkadag şäheriniň “Arkadag” topary Türkmenistanyň futbol çempionatyny bir utuk hem ýitirmän tamamlady. 9-njy dekabrda geçirilen 27-nji tapgyryň senesi süýşürilen duşuşygynda myhmançylykda “Altyn Asyr” topary bilen duşuşan “Arkadag” topary garşydaşyndan 4:0 hasabynda üstün çykanyndan soň şeýle abraýa mynasyp boldy.

Çempionatdaky iň soňky duşuşygyny geçiren “Arkadag” topary 30 oýunda 90 utuk toplamagy başardy. Ýeri gelende bellesek, “Arkadag” topary çempionatyň tamamlanmagyna birnäçe tapgyr galanda bassyr ikinji çempionlygyny gazanypdy.

Geçirilen oýunlaryň jemi boýunça 29 oýunda 67 utuk toplan “Ahal” wagtyndan öň ikinji orny eýelän bolsa, 27 oýunda 56 utugy bolan “Altyn Asyr” çempionaty 3-nji orunda tamamlady.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň doly jemlenmegi üçin ýene-de üç duşuşygyň geçirilmelidigini ýatladýarys. Bu duşuşyklarda “Altyn Asyr” – “Ahal” (30-njy tapgyryň senesi süýşürilen duşuşygy), “Aşgabat” – “Altyn Asyr” (31-nji tapgyryň senesi süýşürilen duşuşygy) hem-de “Altyn Asyr” – “Köpetdag” (32-nji tapgyryň senesi süýşürilen duşuşygy) toparlary güýç synanyşarlar.

 

27-nji tapgyryň senesi süýşürilen duşuşygy:

 “Altyn Asyr” – “Arkadag” – 0:4

Gollar: 7 Şanazar Tirkişow, 32, 36, 41 Begenç Akmämmedow (“Arkadag”)

Bellik: duşuşygyň 42-nji minutynda Didar Durdyýew (“Arkadag”) 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), A.Weliýew (Änew ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

 

Çempionatyň tablisasy: 

T/b Toparlar O Ý D U T U
1.   «Arkadag» FK 30 30 0 0 147-20 90
2.  «Ahal» FK 29 22 1 6 68-28 67
3.  «Altyn Asyr» FK 27 18 2 7 65-32 56
4.  «Şagadam» FK 30 13 1 16 40-51 40
5.  «Merw» FK 30 11 2 17 21-60 35
6.  «Aşgabat» FK 29 8 4 17 26-56 28
7. «Nebitçi» FK 30 8 3 19 28-64 27
8.  «Köpetdag» FK 29 4 5 20 18-65 17
9.  «Energetik» FK 16 1 2 13 8-45 5

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady