BILIM

Türkmenistanly okuwçy Kaliforniýada türkmen milliliklerini tanyşdyrdy

Kaliforniýada başlangyç mekdepde okaýan Ýunus Orazgylyjow türkmen donuny geýip , türkmen donuny, telpegini hem-de halysyny öz synpdaşlaryna “PowerPoint” kompýuter programmasynyň üsti bilen taýýarlan prezentasiýasy arkaly tanyşdyrdy.

Ýunus prezentasiýasynda türkmen gelin-gyzlarynyň haly dokamak däpleri barada gürrüň berdi. Ol enesiniň ýaş wagtynda haly dokandygyny hem belläp geçdi. Synpdaşlaryna türkmen donuny we telpegini geýip oturan ýaşlaryň suratlaryny görkezmek bilen, bu milli egin-eşikleriň özboluşlylygy barada maglumat berdi.

Mundan başga-da, Ýunus türkmenleriň meşhur tansy bolan küşdepdi hakynda hem gysgaça maglumat berip, synpdaşlarynyň bu medeni miras barada düşünjesini giňeltdi. Çykyşynyň dowamynda ol ýany bilen alyp baran türkmen taýhalaryny synpdaşlarynyň geýip görmegi üçin hödürledi. Şeýle hem türkmen halysynyň owadanlygyny görkezýän “mouse pad” (kompýuter syçanjygy üçin pad) bilen tanyşdyrdy.

Çykyşynyň ahyrynda Ýunus synpdaşlarynyň soraglaryna jogap berdi. Şol pursat, bir okuwçy: “Türkmen tahýasy Stambuldaky doňdurma satýan daýylaryň geýýän başgaplaryna meňzeýärmi?” diýip soranda, Ýunus, olaryň türkmen tahýasyndan tapawutlydygyny düşündirdi.

(Bellik: Maglumatlar we fotosuratlar Ýunusyň mugallymyndan we Ýunusyň özünden alyndy.)

Ýene-de okaň

Pars dili kurslarynyň gyşky möwsümi üçin ýazylyşyk

Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin ygtybarly çeşme: Makul Sözlük

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Amerikada Stipendiýa bilen bilim alasyň gelýärmi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Tramp emeli aňy çaltlandyrmak üçin “Genesis” missiýasyny işe girizdi