JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

3-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň nobatdaky maslahatynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen «Bir bitewi suw» sammitine gatnaşdy we maksatnamalaýyn çykyş etdi.

«Al-arabiýa» elektron neşiriniň habar berşi ýaly, «Bir bitewi suw» sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saudyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ýokary derejeli sammitiň ähmiýeti, onuň dowamynda öňe sürlen tekliplerdir kabul edilen çözgütleriň durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant boljakdygy bellenildi. Taraplar gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda ýola goýlan hoşniýetli dostluk we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary tamamlandy.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Türkmenistana geldi

BMG Merkezi Aziýany dünýäniň geljegi uly syýahatçylyk sebitleriniň biri diýip atlandyrdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Serhetleriň howpsuzlygy boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär

Si Szinpiniň ýörite wekili «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri