SIZDEN GELENLER

Bitaraplyk – parahatçylygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ýurdumyzyň ykbalynda ýatdan çykmajak taryhy wakalar, ajaýyp pursatlar altyn harplar bilen taryha ýazylýar. Ýurdumyzyň gadymdan gelýän parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly ýörelgeleri Diýarymyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we bütindünýä ähmiýetli ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda alyp barýan syýasaty dünýä ýurtlary tarapyndan goldanylýar. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňhukukly agzalygyna kabul edildi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Bu ajaýyp seneler ýurdumyzyň taryhynda iň bir ýatdan çykmajak, taryha altyn harplar bilen ýazyljak waka öwrüldi. Ynha, şol günden bäri hem ýurdumyz bu ajaýyp senäni uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçýär. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda edýän aladalarynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özygtyýarly, baky berkarar Watanymyz Bitaraplygyň mysaly we tejribesi bilen ylalaşygyň we hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasyny gözleýän adamzadyň hoşniýetli maksatlarynyň amala aşmagyna mynasyp goşandyny goşýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen birlikde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz halkymyzyň asudalykda, agzybirlikde, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna giň ýol açdy. Ýurdumyz özüniň asyrlarboýy gelýän däp-dessurlaryna, ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine eýerip, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary saklamaga, ähli ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny dünýä ýüzüne jar etdi.

Ata-babalarymyz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda parahatçylyk we agzybirlik däplerini özüne ýol-ýörelge edinipdirler. Dünýä ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, 1992-nji ýylda «Açyk gapylar» syýasatyny yglan eden ýurdumyz häzirki wagta çenli Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmekde alnyp barylýan işlerde mynasyp orun eýeleýär. Ata Watanymyz bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň agzasy, esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. 2007-nji ýylyň aprelinde paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Ýurdumyzyň öňe sürýän teklipleri bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kararnamalaryň ençemesi kabul edildi. 2020-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi.

Bu topar BMG-ä agza döwletlere sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça oňyn pikir alyşmaga mümkinçilik döredýär. Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilen bu toparyň ýokary derejedäki duşuşygynyň Jemleýji Jarnamasy 2023-nji ýylyň martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde çap edildi. 2022-nji ýylyň iýulynda bolsa ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. Bu Kararnama ýurdumyzyň ählumumy bähbide gönükdirilen parahatçylykly ýörelgeleriniň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.

Ýurdumyz halkara bileleşigiň jogapkärli agzasy hökmünde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen döwletli ýörelgeler esasynda halkara gatnaşyklaryň ösüşine mynasyp goşant goşýar.

Gülnara Ataýewa, 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Sagdyn jemgyýet — sagdyn geljek

“Hakyda göwheri” – milli mirasyň sarpasy

Türkmenistan-TÜRKSOÝ: köpugurly hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Saglyk ulgamynda sanly mümkinçilikler

Ulag diplomatiýasynyň dabaralanýan forumy

Saglyk — baş baýlyk

Ata Watan Eserleri