JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge taýýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisinde eden çykyşynda: Türkmenistan uglewodorod serişdelerine baý ýurtdur. Bu ugurda hyzmatdaşlygymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen alyp barmagy dowam ederis. Bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin Geňeşiň agzalary bolup döwlet Baştutanlarymyza anyk teklipler bilen ýüzlensek we bu teklipleri durmuşa geçirsek maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn. Söwda-ykdysady ugurda entäk ulanylmadyk mümkinçiliklerimiz bar. Bu mümkinçilikleriň amala aşyrylmagynda Geňeşiň agzalary uly orun eýelemelidir” diýip belledi.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi