JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşiniň öz neşirini döretmek başlangyjyny öňe sürdi

Wengriýa iş saparyny amala aşyryp, Budapeştde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisine Geňeşiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde gatnaşan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda çykyş etdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda birnäçe teklipleri öňe sürdi. Şolaryň biri hem TDG-niň Aksakgallar Geňeşiniň öz ýörite habar beriş serişdesini döretmek baradaky teklipdir.

“Şu günki günüň siwilizasiýasyny ýaş nesillere geçirmegi möhüm mesele hökmünde görýärin. Şunuň bilen baglylykda, Geňeşimiziň gazetini ýa-da žurnalyny, internet saýtyny döretmegi teklip edýärin.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady

Adam atlarynyň manysy 02-nji ýanwar

Ata Watan Eserleri

Türkmen gelin-gyzlaryň saýty hereket edip başlady:Turkmengazet.com

Ata Watan Eserleri