JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça ähtnama gol çekildi

2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Hytaýyň Siçuan welaýatynyň Çengdu şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Iniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda taraplar ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu duşuşygyň hemmetaraplaýyn strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmak üçin amatly pursatdygy bellenildi. Ministrler türkmen-hytaý hökümetara hyzmatdaşlyk komitetiniň döwletara hyzmatdaşlygyň täsirli mehanizmidigini aýtdylar.

Diplomatlar şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäginde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň netijelidigini bellediler. “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň netijeliligi nygtaldy.

Şu nukdaýnazardan, taraplar 2025-nji ýylda Astana şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa – Hytaý” döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary söwda we ykdysady ugurda netijeli hyzmatdaşlygy bellediler, energiýa, ulag we aragatnaşyk, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça bilelikdäki işlere baha berdiler.

Duşuşykdan soň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekildi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda awtobuslaryň käbiriniň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgedilýär

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi

Balkan we Daşoguz welaýatlaryna täze prokuror bellendi