JEMGYÝET

«Turkmentextile Expo-2025»: ýerli we halkara moda görkezilişi

Aşgabatda geçirilýän “TurkmenTextile Expo-2025” halkara sergisiniň çäklerinde ýerli hem-de halkara moda görkezilişigine badalga berildi. 

Tomaşaçylar türkmen brendleriniň egin-eşik kolleksiýalaryny, şeýle hem Fransiýadan, Italiýadan, Gazagystandan, Singapurdan, Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Özbegistandan we Niderlanddan gelen daşary ýurtly moda dizaýnerleriniň kolleksiýalary bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolýarlar.

Moda görkeziliş maksatnamasy Aşgabadyň Modalar öýüne wekilçilik edýän türkmen brendi “Miras” kolleksiýalary bilen başlady. Brend ulular we çagalar üçin niýetlenen milli köýnekleriň we egin-eşikleriň modellerini görkezdi.

Soňra maksatnama gündogardan ruhlanan ajaýyp agşam lybaslaryny hödürlän “Mad Mood Milano” moda öýüniň işleri bilen dowam etdi.

 

Gazagystanyň “Aspar” brendi Gündogar bilen Ýewropanyň medeniýetleriniň birleşmeginde döredilen kolleksiýasyny tomaşaçylara hödürledi. Fransiýadan gelen dizaýner Gowher Pirkuliýewa-Guwerne türkmen milli lybasynda täzeçe çemeleşmäni görkezdi, onuň sazlaşygyny we dinamikasyny nygtady.

Moda görkezilişiniň estafetasyny “Haýden Ng” dowam etdirdi – ol nusgway çyzykly leopar nagyşlary bilen utgaşdyrylan egin-eşiklerini görkezdi.

Özbegistanyň “Silk Vats” brendi tebigy ýüpekden tikilen lybaslaryny görkezdi, olarda gündogarly nagyşlar bilen häzirki zaman moda akymlary utgaşdyrypdyr.

Related posts

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy Aşgabatdaky halkara sergi-ýarmarkasynda tanyşdyryldy

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň birinji tapgyry şu ýyl açylar

Ata Watan Eserleri

Adam atlarynyň manysy 07-nji ýanwar

Ata Watan Eserleri