SIZDEN GELENLER

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň kalbyny buýsanja besleýär. Häzirki döwürde şeýle beýik işleriň hatarynda bilim özgertmelerini hem aýratyn bellemek gerek. Çünki bilim özgertmeleri ýaş nesliň kämil, bilimli hünärmenler bolup ýetişmeginiň, ösüşiň aýdyň ýoluny kesgitlemegiň esasy ugrudyr.

Ösüşleriň belent ýollaryndan öňe barýan ata Watanymyzyň, edil ylym-bilim ulgamynda bolşy ýaly, halkara ykdysady we medeni gatnaşyklary hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Dünýäniň ýüzlerçe döwleti bilen saklanylýan şeýle özara bähbitli hyzmatdaşlyklarda bolsa, ilkinji nobatda, daşary ýurt dillerini bilmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hereket edýär we onuň netijesinde dünýä dillerini suwara bilýän ýaş nesiller kemala gelýär.

Daşary ýurt dillerini bilmek, dünýä döwletleriniň ösüşini, halklaryň milli özboluşlylygyny, maddy ýagdaýlaryny, medeniýetini öwrenmek, şeýle hem islendik ugurda hyzmatdaşlyk saklap, tejribe alyşmak üçin hem gymmatly serişde bolup durýar. Bu bolsa häzirki günde möhüm meseleler babatynda köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmekde giň gözýetimli, kämil dünýägaraýyşly, düýpgöter täzeçe çemeleşmelerdir ýörelgeleri öňe sürmäge ukyply ýaşlaryň kemala gelmegine itergi berýär.

Bilim ulgamynyň kompýuterleşdirilmegi, sanly bilim ulgamynyň döredilmegi zehinli ýaşlarymyzyň durmuşyň islendik ugrunda mynasyp iş alyp barmaklaryna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle hem ýaş alymlaryň ylmyň ähli möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini yzygiderli geçirmegi üçin dürli mümkinçilikleriň döredilmegi netijesinde, türkmen ýaşlary öz saýlan ugruna yhlasly, maksada okgunly kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler. Bir söz bilen aýdylanda, bu günki günde biz — ýaşlara döredilýän uly mümkinçiliklerden peýdalanyp, okamagymyz, öwrenmegimiz, döretmegimiz, öz saýlap alan hünärimiziň hak eýesi bolmagymyz üçin ähli zerur şertler bar.

Ylym-bilim Garaşsyz döwletimiziň okgunly ösüşini üpjün edýän kuwwatly binýatdyr. Şoňa görä-de, biz — bagtyýar ýaşlar beýik maksada — demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji we parahatçylyk söýüji halkymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny, mertebesini has-da belende götermäge gönükdirilen milli maksatnamalarymyza, giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim özgertmelerimize gowy okamak, döretmek, döredijilikli zähmet çekmek, düýpli we amaly taslamalary amala aşyrmak bilen mynasyp goşant goşmalydyrys. Has dogrusy, okamak we öwrenmek, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek, ähli gujur-gaýratymyzy, alan bilimimizi, yhlasly zähmetimizi berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrundaky işlerde amal etmek biziň perzentlik borjumyzdyr. Bu gün bagtyýar ýaşlarymyz taryhymyzyň uzak döwürlerinden bäri agzybirligi, parahatçylygy, ynsanperwerligi baýdak edinip gelen merdana halkymyzyň watansöýüjilik, adalatlylyk, belent ahlaklylyk, lebzihalallyk ýaly ajaýyp sypatlaryny özlerinde jemläp, ylym-bilim basgançaklarynyň belentliklerine sary ýokary hünär taýýarlygy, kämil düşünje-garaýyşlary bilen ynamly öňe barýarlar.

Häzirki wagtda sanly ulgamyň kömegi bilen dürli ylmy maglumatlary, kitaplary okamak mümkinçiligi has-da ösdi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň has-da ösdürilýän şertlerinde bilim ulgamynda sanly serişdeler üstünlikli ulanylýar. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygy has-da kämilleşýär. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir.

Ylym öwrenmek, ýaşlary bilimli edip terbiýeläp ýetişdirmek milli ýörelgelerimiziň biridir. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda ýaş alymlar, ýaşlaryň ylym-bilime bolan mümkinçilikleri çuňňur garaýyşlar bilen beýan edilýär. Yym-bilimi ösdürmegiň möhüm ugurlary kesgitlenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür. Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar. Şunda aýdyň maksatlary we meýilnamalary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri, ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, geljegimiziň berk binýady bilimli ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem dünýä ylmynyň gazanan iň döwrebap usullary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Üstümizdäki ýylyň geçen 10 aýynyň dowamynda halkara derejeli bilim bäsleşiklerde gazanylan 800-den, sport ýaryşlarynda gazanylan 500-den gowrak medallar türkmen ýaşlarynyň belent maksatlara tarap ynamly öňe barýandygyny hem tassyklaýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde durmuşa ornaşdyrylýan beýik işler halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň kalbynda ata Watanymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işlerine bolan çäksiz buýsanç hem-de hoşallyk duýgularyny döredýär. Munuň özi bagtyýar durmuşymyzyň eşretlerine buýsanyp ýaşamaga, ylym-bilim almaga, döretmäge, gurmaga, egsilmez güýç-kuwwat berýär.

Tawus Jorakulyýewa, 

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň

Daşary ýurt dilleri we edebiýaty hünäriniň 3-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat

Dil – giň dünýägaraýşyň açary