JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň Belujistan welaýatynyň Kwetta şäherindäki demir ýol menzilinde bolup geçen köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.

«Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar» diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Ýene-de okaň

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi

Balkan we Daşoguz welaýatlaryna täze prokuror bellendi

8-12-nji dekabr aralygynda Aşgabadyň merkezi köçelerinde awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler

Ata Watan Eserleri