SIZDEN GELENLER

Magtymguly Pyragy ýyly ösüşlere beslendi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýyly uly üstünliklere beslendi. Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gül gujagynda bagtyýar ýaşaýan mähriban halkymyz ýagşy umytlar, ganatly arzuwlar bilen 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly zähmet üstünlikleri bilen jemleýär.

Gahryman Arkadagymyz milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýyna bagyşlap “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly döreden şirin şygry türkmen halkymyza, ilkinji nobatda, milli edebiýatymyza ýapylan serpaý boldy.

Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şunuň ýaly belent derejede tutulmagy hormatly Arkadagymyzyň beýik akyldaryň döredijiligine iňňän ýokary baha berýändigi bilen berk baglanşyklydyr. Halkymyzyň Magtymguly Pyraga bolan beýik söýgüsi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik kalbyndan, çuňňur işlerinden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň çeper söz ussady bolandygyna ýokary baha berip :” Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr” diýip belleýär.

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Gündogaryň beýik şahyrynyň ýubileýi mynasybetli dürli çäreleriň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de geçirilýändigini bellemek gerek. Halkynyň parahat durmuşda ýaşamagyny arzuw eden dana Pyragy nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şygyrlaryny miras galdyrypdyr. Onuň goşgularynda beýan edilýän we watansöýüjilige, ynsanperwerlige, parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrýan çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Hut şu ýörelgeler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirip, türkmen diplomatiýasynyň dowamatlylygynyň çeşmesi bolmagyny dowam etdirýär.

Türkmenistanyň halk nakgaşy, heýkeltaraş Saragt Babaýew täze eseri-beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini döretdi. Beýikligi 60 metr bolan äpet heýkel paýtagtyň günorta böleginde, saglyk ýolunyň golaýyndaky tebigy baýyrda ýagny Köpetdagyň eteginde oturdyldy. Heýkeliň kompozisiýasynyň töwereginde seýilgäh zolagy döredildi.

Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumy açylyp ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly: «Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Aşgabat şäherinde mugallym, esger, ilhalar ynsan, Watany söýmekde nusgalyk yz galdyran Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi beýik taryhy şahsyýetlerimize belent sarpa goýulýandygyna şaýatlyk edýär».

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhyna ýazylan täze ýöriteleşdirilen harby mekdep ýaş Watan goragçylarynda watançylygy, Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplygy baradaky asylly pikirleri, öz halkyna, ata Watanyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepalylyk duýgularyny terbiýelemekde watançylyk mekdebine öwrüler.

Myrat Begliýew,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Sagdyn jemgyýet — sagdyn geljek

Bitaraplyk – parahatçylygyň gözbaşy

“Hakyda göwheri” – milli mirasyň sarpasy

Türkmenistan-TÜRKSOÝ: köpugurly hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Saglyk ulgamynda sanly mümkinçilikler

Ulag diplomatiýasynyň dabaralanýan forumy