DÜNÝÄ

Maýa Sandu täzeden Moldowanyň prezidentligine saýlandy

Moldowanyň häzirki Prezidenti Maýa Sandu nobatdaky prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, täzeden prezidentlige saýlandy. Ol saýlawlaryň ikinji tapgyrynda sesleriň 55 göterimi aldy. Onuň esasy bäsdeşi Aleksandr Stoýanoglo bolsa sesleriň 45 göterimine eýe boldy. Bu barada Moldowanyň Merkezi saýlaw toparynyň resmi saýty habar berýär.

Moldowanyň ozalky baş prokurory Aleksandr Stoýanoglo ýeňiş gazanyp bilmedi. Ol ýurduň käbir böleklerinde sesleriň köpüsini alandygyna garamazdan, ýurduň çäginiň daşyndaky saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň agramly bölegi häzirki Prezident Maýa Sandu üçin ses berdi.

Şeýle hem ýurduň paýtagty Kişinewiň saýlawçylarynyň 57.38 göterimi ýene Maýa Sandu üçin ses beripdir.

Mälim bolşy ýaly, saýlawlaryň birinji tapgyrynda Maýa Sandu 42.5 göterim, Aleksandr Stoýanoglo bolsa 26 göterim ses alypdy.

Ýene-de okaň

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy