SPORT

Akram Afif – Aziýaniň iň güýçli futbolçysy boldy

Katarly Akram Afif Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy tarapyndan “ýylyň futbolçysy” saýlandy. Bu bu abraýly baýraga ikinji gezek mynasyp bolýar. Mundan ozal, 2019-njy ýylda Aziýada “ýylyň futbolçysy” saýlanan Akram Afif Kataryň ýygyndysynyň Aziýa kubogyna gaznamagyna uly goşant goşdy.

Şeýle hem Ýaponiýaly Kiko Seike Aziýada “ýylyň iň gowy zenan futbolçysy” baýragyna mynasyp boldy.

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy 2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan dabarany Günorta Koreýanyň Seul şäherinde gurnady.

Kataryň “Al-Sadd” toparynda çykyş edýän Akram Afif “ýylyň futbolçysy” baýragyny bir gezekden köp gazanan 3-nji futbolçy boldy. Mundan ozal, 1997-nji we 1998-nji ýyllarda ýapon futbolçy Hidetoşi Nakata we 2008-nji we 2011-nji ýyllarda özbek futbolçy Serwer Jeparow abraýly baýragyň eýesi bolupdy.

Mundan başga-da, Russiýanyň SSKA toparynyň özbek futbolçysy Abbosbek Faýzullaýew Aziýanyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy.

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady