SPORT

Lamin Ýamal ýaş futbolçylara berilýän “Kopa Trofi” baýragyny gazandy

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde “Altyn pökgi-2024” baýragynyň ýeňijileri mälim edildi. Baýragy gowşurylýan dabarasy “Şatle” teatrynda geçirildi.

Şol dabarada Fransiýanyň “France Football” žurnaly tarapyndan gowşurylýan baýraklar eýelerine gowşuryldy. Ispaniýaly futbolçy Rodri “Altyn pökgi-2024” baýragyna mynasyp boldy.

Şeýle hem ýene-de bir ispan futbolçy Lamin Ýamal 21 ýaşdan uly bolmadyk futbolçylara gowşurylýan “Kopa Trofi” baýragyna laýyk boldy.

Angliýanyň “Aston Willa” toparynyň derwezeçisi Emiliano Martines bassyr ikinji ýyl Lew Ýaşiniň adyny göterýän baýragy aldy.

“Real Madrid” toparynyň tälimçisi Karlo Ançelotti iň gowy tälimçi boldy.

Möwsümiň iň gowy topary baýragyna “Real Madrid” topary mynasyp boldy.

Harri Keýn we Kilian Mbappe möwsümiň iň köp gol geçiren futbolçylaryna gowşurylýan Gerd Mulleriň baýragyna mynasyp boldy. Her iki futbolçy möwsümde 52 gol geçirdi.

“Barselona” toparynyň ýarymgoragçysy Aýtana Bonmati zenanlaryň arasynda “Altyn pökgi” baýragyny gazandy.

“Barselona” toparynyň zenanlar ýygyndysy iň güýçli zenan topar boldy.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy