BIZNES

“Türkmengaz” bilen “Botaş” tebigy gaz boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahatyna gatnaşmak üçin gelen Türkiýäniň “Botaş” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy we baş müdiri Abdulwahit Fidan, baş müdiriň orunbasary Mithat Aýdyn hem-de tebigy gaz satyn almak we eskport etmek boýunça müdirligiň başlygynyň orunbasary Inrahim Faruk Adygüzel Türkmenistanda netijeli gepleşikler geçirdi.

Türk kompaniýasynyň wekiliýeti ýurdumyzda 29-njy gezke geçirilýän iri halkara nebitgaz forumyna gatnaşdy.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, “Botaş” kompaniýasy energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de energetike merkezine öwrülmek üçin sebitdäki hyzmatdaşlary bilen hyzmatda’lyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky möhüm strategik hyzmatdaşlygyň biri bolan Türkmenistanyň tebigy gazyny Türkiýä eltmek babatda “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen netijeli gepleşikler geçirildi.

Duşuşykda baş müdiri Abdulwahit Fidan nebitgaz forumynyň ýokary derejedäki guramaçylygy üçin “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewe minnetdarlyk bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

“Türkmennebit” döwlet konserni buraw turbalaryny satyn alar

“Türkmengaz” döwlet konserni polat turbalary satyn alar