JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siziň 2024-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana amala aşyran saparyňyzy buýsanç duýgusy bilen ýatlaýaryn. Bu saparyň dowamynda biz Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça birnäçe meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdyk. BMG bilen köpugurly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň biridir. Biz bu gurama bütin dünýäde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki zaman ulgamynyň daýanjy, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz hatynda belledi.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar