BILIM

Türkiýede 200 döwletden 340 müň talyp bilim alýar

Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim geňeşiniň (YÖK) ýolbaşçysy Prof. Dr. Erol Özwar Dijle uniwersitetinde eden çykyşynda Türkiýede okaýan daşary ýurtly talyplaryň sany barada maglumat berdi.

– Türkiýäniň ýokary bilim ulgamyny sebitde we ählumumy derejede ýokary derejelere çykarmagy maksat edinýäris. Ýurdumyzda bilim alýan daşary ýurtly talyplaryň sany yzygiderli artýar. Häzirki wagtda 200-e golaý ýurtdan 340 müň  talyp bilim alýar. Muny 500 müňe ýetirmegi meýilleşdirýäris – diýip, Ýokary bilim geňeşiniň (YÖK) ýolbaşçysy Prof. Dr. Erol Özwar belledi.

 

Related posts

Talyp-2025:Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty

Dalaşgär-2026: Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkiýäniň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetine okuwa kabul edişligiň başlanýandygyny yglan edýär