BILIM

Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Belarusyň döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Degişli Ähtnama ýakynda paýtagtymyzda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatynyň we serginiň çäginde gol çekilipdi.

Bir asyrlyk taryhy bolan baýry ýokary okuw mekdebi Belarus Respublikasynyň iň meşhur bilim ojaklarynyň biridir. Bu ýerdäki 7700-den gowrak talybyň bir müňe golaýy daşary ýurtly ýaşlardyr. Uniwersitetde 50-den gowrak hünär boýunça bilim berilýär. Baýry bilim ojagynyň 600-den gowrak mugallymlarynyň 45-si ylymlaryň doktorlary, 33-si bolsa professorlar.

Welaýatymyzdaky ýokary okuw mekdebiniň şeýle abraýly uniwersitet bilen hyzmatdaşlygy bilelikdäki ösüşi üpjün eder. Ýeri gelende aýtsak, paýtagtymyzdaky forumyň çäklerinde ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen Rumyniýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň abraýly uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ähtnamalara gol çekişildi.

Ýene-de okaň

Türkmen-Italýan ylym-bilim gatnaşyklary täze tapgyra gadam basýar

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi

Türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň orny

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler