DÜNÝÄ

BRIKS sammiti başlady

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde BRIKS sammiti öz işine başlady. Bu sammite hem-de onuň ýany bilen geçirilýän halkara forumlaryna gatnaşmak üçin dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden ýokary derejeli myhmanlar Kazana bardylar. BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterriş hem sammite gatnaşýar.

2006-njy ýylda döredilen BRIKS guramasy –  Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrikanyň gatnaşmagynda esaslandyryldy. Ilki bilen, ýagny 2006-njy ýylda Braziliýa, Russiýa, Hindistan we Hytaý bileleşip, BRIK guramasyny döretdi. 2010-njy ýylda olaryň düzümine Günorta Afrika Respublikasy goşulyp, gurama BRIKS boldy.

2024-nji ýylda bolsa, gurama Müsür, Eýran, BAE, Saud Arabystany we Efiopiýa goşuldy.

«Kazan EKSPO» binasynda geçirilýän sammite Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri hem gatnaşýar. Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň Prezidentleri bu sammite gatnaşmak üçin Kazana barýarlar. Şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew sammite gatnaşýan ýolbaşçylaryň biridir.

 

Ýene-de okaň

Putin: BRIKS-iň emeli intellekt boýunça alýansyny döretmegi teklip edýärin

2025-nji ýylda Belarusda prezident saýlawlary geçiriler

Tatarystan BRIKS sammiti üçin taýýar

Moldowada prezident saýlawlary

Si Szinpin we Al Nahaýýan BRIKS sammitine gatnaşar

Magtymguly Pyragynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyryldy