MEDENIÝET

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlarynyň ýazyjylarynyň duşuşygy

Türkmen döwlet medeniýet institutynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlarynyň ýazyjylarynyň institutyň talyplary bilen geçirilen döredijilik duşuşygy täsire baý boldy. Bu habar Medeniýet ministrligini habar berýär.

Duşuşykda doganlyk halklarynyň ýazyjy-şahyrlary Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan döredijiligi barada iňňän manyly çykyşlar etdiler we akyldar şahyrymyzyň goşgularyny okadylar.

Şeýle hem talyp ýaşlara öz döreden goşgularyndan hem okap berdiler. Duşuşykda edebi gatnaşyklarymyzy has-da ösdürmäge uly goldaw-hemaýat berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar.

Related posts

«Türkmenfilm» birleşiginden Täze ýylda täze filmler

50 ýyllap her gün burger iýipdir

Türkmen wekiliýetiniň Täjigistana döredijilik sapary başlandy