MEDENIÝET

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlarynyň şygryýet agşamy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň şygryýet agşamy hem iňňän täsirli boldy. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu çärä gatnaşan doganlyk halklaryň ýazyjy-şahyrlary özleriniň kalplaryndan joşup çykan ajaýyp şygyrlaryny okap berdiler. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan şygyrlar kalplarymyzda hemişelik orun alyp, ýatdan çykmajak duýgulary bagyşlady. Ylham-joşguna beslenen bu şygryýet agşamy, dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkemegine we giň gerime eýe bolmagyna uly ýardamyny ýetirer.

Related posts

Zendaýanyň mum heýkeli ýasaldy

Ata Watan Eserleri

«Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my» at­ly tä­ze film tomaşaçylara hödürlendi

Türkmenistan Halkara habarlar merkezini açdy