JEMGYÝET

Wladimir Putin 11-nji oktýabrda Türkmenistana geler

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 11-nji oktýabrda Türkmenistanda iş saparynda bolar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow habar berdi.
– 11-nji oktýabrda Russiýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Aşgabatda saparda bolar – diýip, Rus Lideriniň kömekçisi belläp geçdi.
Ýuriý Uşakowyň bellemegine görä, Wladimir Wladimirowiç Putin “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşar. Bu forum beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýär.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow bu halkara foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň Prezidentleri çagyryldy. Garaşylyşy ýaly, myhmanlar halkara forumda çykyş ederler.
Uşakow Wladimir Putiniň Türkmenistandaky saparynyň çäklerinde Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşjakdygyny belläp geçdi. Onuň bellemegine görä, bu babatda degişli ylalaşygyň gazanyldy.

Ýene-de okaň

Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda 45 milliard dollarlyk taslamalary amala aşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyñ Milli Lideriniň “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýusy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan “swap” tebigy gazyny eksport etmäge taýýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan “Transhazar” gaz geçirijisine çynlakaý garaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-da Erik Stýuart bilen duşuşdy

Arkadag şäherinde we Awaza döwrebap golf meýdançalary gurlar