BILIM

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ABŞ-nyň Kent uniwersiteti ähtnama gol çekişdi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti ABŞ-da resmi saparda bolup, birnäçe möhüm gepleşikler geçirdi. Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň duşuşyklarynda ABŞ-nyň abraýly uniwersitetleriniň Türkmenistanda şahamçalaryny açmak babatda hem gepleşikler geçirildi.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti Ogaýa ştatynyň Kent şäherinde bolup, bu şäheriň adybir Kent döwlet uniwersitetiniň rektory Todd Dýakon bilen duşuşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Meret Orazow hem gatnaşdy.

Bu duşuşyk, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Kent döwlet uniwersitetiniň arasynda bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we bilelikdäki maksatnamalary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boldy.

Duşuşygyň barşynda Kent döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň 3 ýokary okuw mekdebi – Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

Bu şertnamalar akademiki maksatnamalary giňeltmegi, bilelikdäki bilim we ylmy başlangyçlary döretmegi we ýurtlaryň arasynda medeni alyş-çalyşlary güýçlendirmegi maksat edinýär.

Ara alyp maslahatlaşmagyň esasy temalarynyň biri, Türkmenistanda Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasynyň açylmagy boldy, bu babatda türkmen tarapy ýol kartasynyň taslamasyny taýýarlady. Kent uniwersitetine saparyň dowamynda taraplar bu möhüm işiň ähli taraplary barada jikme-jik işlemegi meýilleşdirýärler.

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler