JEMGYÝET

Türkmenistanda 736 raýatyň günäsi geçildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda asylly däbe eýerilip, ýurdumyzyň baş baýramy – Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli iş kesilen raýatlaryň günäsi geçildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti asylly däbe eýerip,  iş kesilen 736 sany raýatyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Begenç Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Related posts

“Harlem Globetrotters” Basketbol Grubu Şov gösterisini yaptı

vepa

Kaliforniýa uniwersitetiniň ALSA-nyň Prezidentligine Türkmenistanly hukukçy saýlandy

YÖS Başvurularında “Atavatan” Farkı

vepa