DÜNÝÄ

Türki Döwletleri Guramasynynyň energetika ministrleriniň duşuşygy

Türki Döwletleri Guramasyna agza döwletleriň energetika ministrleriniň duşuşygy Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi hem gatnaşdy.

Bişkekdäki duşuşykda energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy we sebitleýin taslamalary bilelikde durmuşa geçirmegiň ugurlary maslahatlaşyldy.

– Türki Döwletleri Guramasyndaky hyzmatdaş döwletler energetika ministrleriniň 4-nji mejlisde duşuşyp, okgunly ösýän energetika hyzmatdaşlygy hem-de sebitleýin energiýa taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdyk. Bu durmuşa geçiriljek taslamalar guramany global dünýäde möhüm ähmiýete eýe bolmagyna getirer – diýip, Azerbaýjanyň energetika ministri Parwiz Şahbazow belläp geçdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar “Hazar deňzi-Gara deňiz-Ýewropa”, “Azerbaýjan-Gazagystan-Özbegistan” we “Azerbaýjan-Türkiýe-Ýewropa” geçelgesiniň energiýa hyzmatdaşlygy babatdaky taslamalaryna ýokary baha berdiler.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri Rumyniýada tanyşdyryldy

Russiýanyň daşary işler ministri Hazarýaka döwletleriň ilçileri bilen duşuşdy

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanda döwlet saparynda bolar

Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran sapary hakynda

Mottaki: Owganystan TOPH gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge ygrarly