TEHNOLOGIÝA

Kosmos giňişliginde taryhy waka

Dünýäniň iň baý adamy Ilan Maska degişli bolan “SpaceX” kompaniýasynyň “Polaris Dawn” kapsulasy bilen asman giňişligine çykyldy. Bu missiýanyň düzüminde 4 adam bolup, olar – milliarder Jared Aýzekman, uçarman Skott Potit, podpolkownik we inženerleri Sara Jillis we Anna Menon bar.

Bu kosmos kapsulasy bilen 700 kilometrlik belentlige çykyp, şol ýerde Sara Jillis kapsuladan çykyp, boşlukda asylgy şekilde hereket etdi. Bu hereket, hususy kosmos syýahaty üçin täze bir tapgyryň başlangyjy bolup, taryhy pursatlaryň biri hökmünde ýada galar.

41 ýaşly milliarder Jared Aýzekman täjirçilik uçuşynyň çäklerinde açyk kosmosa çykan ilkinji adam boldy, ýöne onuň gämini doly terk etmändigini bellemelidiris.

Açyk kosmosa çykmazdan ozal kapsula germetikligini ýitirdi, tutuş ekipaž bolsa SpaceX tarapyndan işlenip taýýarlanan ýuka skafandr bilen goraldy. Kislorod Crew Dragon bilen şlang birikmesi arkaly berildi.

Şeýle hem ol açyk kosmosda astronawtlaryň kellesine geýýän skafanrasyny hem synagdan geçirdi. Onuň hem synagdan üstünlikli geçendigi bellenilýär.

Şeýlelikde, bu kosmos kapsulasyndaky missiýanyň düzümindäkiler açyk kosmosa çykan ilkinji syýahatçylar boldular.

“SpaceX” missiýasy ýekşenbe güni ekipaž agzalarynyň howpsuz ýagdaýda Ýere dolanyp gelmegi bilen üstünlikli tamamlanar diýlip garaşylýar.

Kosmos uçuşlarynyň we radiasiýanyň adam saglygyna edýän täsiri barada gözleg geçirjek toparyň “SpaceX” tarapyndan işlenip düzülen “EVA” eşikleri bilen 36 gözleg we synag geçirjekdigi mälim edildi.

Ýene-de okaň

“Instagram” täze çäklendirmeler girizýär: ýaş ulanyjylar üçin goşmaça howpsuzlyk çäreleri

Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasy taýýarlanar

Aşgabatda «HI-TECH Turkmenistan 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

“Apple Watch” seriýasy 10 täze funksiýalar bilen täzeçillik getirýär

“iPhone 16” we “iPhone 16 Pro” tanyṣdyryldy

Geljekde emeli intellektiň Makul intellekte öwrülmegi