TEHNOLOGIÝA

Terjime etmek funksiýasyny kämilleşdirdi

“Yandex.Browser” daşary ýurt dilindäki sahypalary terjime etmek funksiýasyny has hem kämilleşdirdi. Indi bolsa olar diňe sahypalardaky adaty teksti terjime etmän, eýsem suratda görkezilen teksti hem terjime ederler. Kompaniýanyň bellemegine görä, satuw bildirişleriniň we beýleki möhüm maglumatlarynyň suratynda görkezilen teksti terjime etmek üçin bu funksiýa peýdaly bolar. “Yandex” brauzeriniň döredijileri bolsa programmalarynyň suratdan teksti terjime etmek üçin gurlan funksiýasy babatynda dünýäde ilkinji iş stol brauzeri bolandygyny belleýärler.

“Browser” ulanyjylara ähli suratlary birden we ýekelikde terjime etmek üçin mümkinçiligini hem hödürleýär. Eger-de ulanyjylar bir sahypany doly terjime etdirmek islese, onda terjime et düwmesine basmalydyrlar. Eger-de ulanyjylar ähli suratlardaky tekstleri birbada terjime etdirmek isleseler, onda salgy setirindäki Terjime menýusyna girip, şol ugry saýlap almaly bolarlar. “Yandex Browser” tarapyndan hödürlenýän suratdaky tekstiň terjimesi birnäçe tapgyrda amala aşyrylýar. Ilki bilen suratdaky tekst öňe çykarylýar we soňra “Yandex.Translate” funksiýasyna iberilýär. Ähli tapgyrlar üstünlikli amala aşyrylandan soňra, terjime edilen teksti gaýtadan surata goýulýar. Bu brauzer bilen 90 sany dürli diller arkaly tekstleri terjime edip bolar.

Häzirki wagtda suratdaky teksti terjime etmek funksiýasy, “Windows” sistemasynyň “Yandex.Browser”-da we “Android” ulgamynyň beta applikasiýasynda işleýär. Şu ýylyň ahyryna bolsa “iOS” ulgamynyň ulanyjylaryna hödürlenmegine garaşylýar.

 

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär

“Bitdeer Technologies Group” Türkmenistanda ilkinji maglumat merkezini gurar

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler