DÜNÝÄ

12 ýyldan soňra sapar: 17 ylalaşyk gazanyldy

Türkiýe Respublikasy bilen Müsür Arap Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlykda täze döwre gadam basyldy. 12 ýyldna soňra Müsür Arap Respublikasyndan Türkiýe Respublikasyna döwlet baştutany derejesinde resmi sapar amala aşyryldy.
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisi Türkiýede resmi saparda boldy we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşikler geçirdi.
Türkiýe bilen Müsüriň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň, ykdysady, diplomatik we energetika ugurlarynda 17 sany möhüm ylalaşyk gol çekildi. Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ylalaşyklaryň iki ýurduň gatnaşyklaryny täze derejä çykaryp, sebitde durnuklylygyň we hyzmatdaşlygyň has-da güýçlenmegine goşant goşjakdygyny belläp geçdi.
Gepleşikleriň dowamynda Ärdogan: “Biz Müsür bilen geçmişdäki dostlugymyza täzeden seredip, täze sahypa açýarys. Bu ylalaşyklar diňe ykdysady we söwda taýdan däl, eýsem halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlenmegine hem goşant goşar” diýip, beýanat berdi.

Gol çekilen ylalaşyklaryň arasynda infrastruktura taslamalary, energetika hyzmatdaşlygy we söwda işjeňliginiň ýokarlandyrylmagy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen resminamalar bar. Şeýle hem medeniýet we bilim ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Russiýa täze ähtnamalara gol çekdi

Ata Watan Eserleri

Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli brifing geçirildi

Sergeý Lebedew GDA-nyň baş sekretarlygyna täzeden bellendi

Türkmenistanyň wekiliýeti “Global Gateway 2025” ikinji forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Efiopiýadaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmen wekiliýeti Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary bilen duşuşdy