SPORT

«Arkadag», «Altyn Asyr» we «Aşgabat» toparlary Türkmenistanyň kubogynyň ýarym-finalyna bir ädim ýakynlaşdylar

Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň çärýek-finalynyň üç duşuşygy geçirildi. Olarda «Arkadag» topary «Şagadamy», «Altyn Asyr» «Merwi», «Nebitçi» bolsa «Aşgabady» kabul etdi.

Mundan sanlyja gün «Şagadamy» Ýokary liganyň 19-njy tapgyrynda 5:1 hasaby bilen ýeňen «Arkadag» topary Türkmenbaşy şäherine wekilçilik edýän garşydaşyndan ýene-de üstün çykdy. Bu gezek 3:0 hasabynda ýeňiş gazanan «Arkadag» futbol topary jogap duşuşygy üçin uly artykmaçlyk gazandy.

Ýokary ligadaky duşuşygy ätiýaçlykdaky günleriň birine geçirilen «Altyn Asyr» bilen «Merw» şu gün Kubok ýaryşynyň çärýek-finalynda biri-birini synaga saldylar. Ýakynda Hindistanda geçirilen saýlama duşuşykda buýsandyryjy ýeňiş gazanyp, AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň toparçalaýyn tapgyryndan orun alan «Altyn Asyr» milli ýaryşlara-da üstünlik bilen dolanyp gelip, «Merwi» 3:1 hasabynda ýeňdi.

Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşykda bolsa paýtagtymyzyň adybir futbol topary ýerli «Nebitçiden» 2:1 hasabynda üstün çykdy.
Türkmenistanyň kubogynyň çärýek-finalynyň birinji duşuşyklary ertir geçiriljek «Ahal» ― «Köpetdag» duşuşygy bilen tamamlanar.

***

Türkmenistanyň kubogy ― 2024. Çärýek-final duşuşyklarynyň netijeleri:
20.08.2024 ý.
«Arkadag» ― «Şagadam» ― 3:0.
[1:0] 26′ Şanazar Tirkişow
[2:0] 75′ Arslanmyrat Amanow
[3:0] 90+2’ Altymyrat Annadurdyýew
Geçirilen ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.).
Duşuşygyň emini: A.Begnazarow (Mary ş).
Eminiň kömekçileri: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), S.Çaryýew (Mary ş.).
Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.).
Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.).

***

«Altyn Asyr» ― «Merw» ― 3:1
[1:0] 7’ Röwşen Halmämmedow
[2:0] 30’ Röwşen Halmämmedow
[3:0] 63’ Myrat Annaýew (11m.j.u.)

[3:1] 73’ Abdyresul Abdyýew.
Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» (Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etraby).
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.).
Eminiň kömekçileri: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.).
Ätiýaçdaky emin: H.Gurbanow (Aşgabat ş.).
Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.).

***

«Nebitçi» ― «Aşgabat» ― 1:2.
[0:1] 29’ Tirkişmyrat Sarymyradow
[1:1] 45+2’ Elýas Akyýew
[1:2] 85’ Şyhberdi Baýnazarow
Duýduryşlar:

51’ Begmyrat Pirkulyýew («Aşgabat»)

71’ Serdar Tukiýew («Nebitçi»)

82’ Daýanç Orazgulyýew («Nebitçi»)

84’ Ýeňiş Seýdiýew («Aşgabat»)

88’ Serdar Gulyýew («Nebitçi»)

88’ Serdar Orazalyýew («Aşgabat»)
Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» (Balkanabat ş.).
Duşuşygyň emini: P.Pälwanow (Daşoguz ş.).
Eminiň kömekçileri: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), A.Weliýew (Änew ş).
Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş).
Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş).

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy