Özbegistan bilen Owganystanyň arasynda umumy bahasy 2,5 milliard dollara barabar bolan 35 äthanama we şertnama gol çekildi. Bu barada Owganystanyň ykdysady meseleler boýunça Premýer-ministriň orunbasarynyň edarasy habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystanda saparda boldy. Özbek wekiliýeti Owganystanyň ykdysady meseleler boýunça Premýer-ministriň orunbasary Molla Abdul Gani Baradar Ahund we beýleki owgan hökümet agzalary bilen duşuşdy.
Şol duşuşyklaryň jemleri boýunça umumy bahasy 1,4 milliard dollara barabar bolan maýa goýum şertnamalaryna degişli 12 ähtnama hem-de umumy bahasy 1.1 milliard dollara deň bolan 23 söwda şertnamalaryna gol çekildi.
Gol çekilen resminamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen iki ýurduň arasynda ykdysady-söwda gatnaşyklary has-da işjeňleşer.
Şeýle hem bu saparyň çäklerinde Owganystanda “Made in Uzbekistan” atly özbek harytlarynyň sergisi geçirildi we işewürler forumy guraldy.