BIZNES

Saud Arabystanа barýan Russiýanyň ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi

Saud Arabystany Patyşalygyna barýan Russiýanyň ilkinji ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden Eýrana geçdi. Bu barada Eýranyň Golestan welaýatynyň gümrük bölüminiň baş müdiri Şahriýar Şahriýari habar berdi.

Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça hereket edýän 36 sany konteýnerli otly Türkmenistan bilen serhetleşýän Inçeburun serhet geçelgesine bardy.

Şeýle hem Eýranyň Demir ýollarynyň başlygy rus otlusy üçin resminamalary taýýarlamagyň tamamlanandygyny we ýük otlusynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň port şäheri bolan Jidda iberilmegi üçin Eýranyň günortasyndaky Bandar Abbas portyna ugradylandygyny aýtdy.

Ýük otlusy Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň ulag infrastrukturasyny ulanyp, Demirgazyk — Günorta halkara gury ýer geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça hereket edýär.

Eýranyň metbugatyna görä, Demirgazyk-Günortaulag geçelgesiniň Ýewropa 250 milliard dollar töweregi hindi, hytaý we Gündogar Aziýa önümleriniň iberilmegini üpjün eder.

Related posts

Türkmenistan bilen Rumyniýa gaz geçiriji ugurlary hem-de deňiz port logistikasyny maslahatlaşdylar

Türk ve Japon şirketleri Lebap eyaletinde elektrik santralı inşa edecek

vepa

Türkmen telekeçileri Hindistandaky sergä çagyryldy