SPORT

Pariž-2024: Olimpiýa medallarynyň bahasy näçe?

2024-nji ýylda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde tamamlanyp barýan tomusky Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalynyň özüne düşýän gymmaty bu oýunlaryň taryhyndaky iň gymmatydyr. Ol sap altyndan ýasalan bolsady, onuň bahasy takmynan 41.16 müň dollara deň bolardy. Soňky gezek sap altyndan ýasalan medal 1912-nji ýylda gowşurylypdy.

“Forbes” žurnalynyň habar bermegine görä, Pariž Olimpiadasynyň ähli medallarynyň diametri 88 millimetr, galyňlygy bolsa 9.2 millimetre deňdir. Her bir medalyň merkezinde Eýfel dininiň demiriň alty burçly bölegi ýerleşdirilen. Medallaryň dizaýny  “Chaumet” altyn şaý-sepleri öýi tarapyndan işlenip düzüldi. Medallar Parižiň zikgehanasynda taýýarlandy.

Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalynyň agramy 59 gram bolup, medalyň 95.4 göterimi (505 gram) kümüşden edilip, 6 gramy sap altyndan, 18 gramy bolsa demirden ýasaldy. Onuň özüne düşýän gymmaty 950 dollara deňdir. 2012-nji ýyldaky London Olimpiadasynda altyn medalyň özüne düşýän gymmaty 708 dollara deň blupdy.

Kümüş medal 525 gram bolup, onuň 507 gramy kümüş we 18 gramy demirden bolup, onuň özüne düşýän gymmaty 486 dollar.

Bürünç medal 455 gram bolup, 415.15 gramy misden, 21.85 gramy sinkden we 18 gramy demirden ybarat, onuň özünde düşýän gymmaty 13 dollar.

Ýene-de okaň

Norwegiýanyň gyşky Olimpiýa oýunlaryndaky nobatdaky rekordy

Özbek futbolçy Çempionlar ligasynyň iň çalt merkezi goragçysy boldy

Ronaldo: men Saud Arabystanyda bagtly we bu ýerde galmak isleýärin

Ata Watan Eserleri

«Arkadag» topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynda çykyşyny tamamlady

Ata Watan Eserleri

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi