JEMGYÝET

Türk ministri: Türkmenistanyň elektrik energiýasyny satyn almaga taýýardyrys

Türkmenistana sapar bilen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda elektrik energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşan duşuşygynda Türkiýäniň energetika ministri Alparslan Baýraktar öz ýurdunyň elektrik energetika pudagynda alyp barýan işleri, elektrik energiýanyň önümçiligi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, hususan-da, ýel, Gün we gidroelektrik energetika pudagyndaky kuwwatlyklary barada maglumat berdi.

Şeýle hem türk myhmany Türkmenistanyň elektrik energetikasyny Türkiýä we onuň üsti bilen Ýewropa bazaryna çykmark mümkinçiliginiň bardygyny we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny belledi.

Türkiýäniň energetika ministri Alparslan Baýraktar ozal Türkmenistandan “swap” görnüşinde elektrik energiýasyny alýandyklaryny belläp, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň gaýtadan ýola goýulmagynyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň, hususan-da “swap” görnüşinde, Hazar deňziniň üsti bilen we beýleki taslamalar boýunça elektrik energiýasyny Türkiýäniň we Ýewropa ýurtlarynyň bazaryna çykarmak mümkinçilikleriň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow hem öz gezeginde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanyň elektrik energetika pudagyndaky möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, Türkmenistanda gurlan we gurulýan köp sanly elektrik stansiýalarynyň gurluşygyna türk kompaniýalarynyň, hususan-da “Çalyk Enerji” kompaniýasynyň işjeň gatnaşandygyny belledi.

Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ilki bilen içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek we artyk galan elektrik energiýasyny goňşy döwletlere ibermekden ybaratdygyny belläp, ýurdumyzyň elektrik energetika pudagynyň kuwwatlyklaryny has-da ösdürmek üçin täze elektrik stansiýalaryň, elektrik geçirijileriň we beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi