SPORT

Olimpiýa oýunlarynyň býujeti 11 milliard ýewro deň boldy

Mälim bolşy ýaly, düýn Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde 4 ýylda bir gezek geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlary badalga aldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşýar.

Pariž şäherinde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň býujeti 11 milliard ýewro deň boldy. Bu Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin ozaldan meýilleşdirilen býujetden has köp çykdajy edildi.

11 awgusta çenli dowam etjek Olimpiýa oýunlarynda Hytaý bilen ABŞ-nyň türgenleriniň arasynda medal gazanmakda uly bäsleşigiň bolmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda Hytaýyň türgenleri 2 altyn gazandy.

Umuman, Olimpiýa oýunlarynyň badalga almagynyň üstünden geçen bir günüň dowamynda 6 döwlet medal gazandy. Hytaý 2 altyn, Awstraliýa 1 altyn, Beýik Britaniýa 1 kümüş we 1 bürünç, ABŞ 1 kümüş we 1 bürünç, Günorta Koreýa 1 kümüş we Gazagystan 1 bürünç medal gazandy.

Umumylykda, Olimpiýa oýunlaryna 206 döwlet bilen bosgunslar topary gatnaşýar.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler