SPORT

58 ýaşyndaky türgen Olimpiýa oýunlarynda çykyş eder

Çili döwletiniň Olimpiýa oýunlarynyň gatnaşjak türgenleriniň hatarynda 58 ýaşyndaky Çžiin Szen bar. Ol Fransiýanyň Pariž şäherinde 26-njy iýulda badalga alýan tomusky Olimpiýa oýunlarynda öz ýurduna  sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça wekilçilik eder. Bu türgen ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar.

Zenan türgen 2019-njy ýylda sportuň bu görnüşi boýunça professional derejede ýaryşlara gatnaşyp başlady. 2023-nji ýylda çilili türgen Panamerika oýunlarynda bürünç medalyň eýesi boldy.

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda, XVII tomusky Paralimpiýa oýunlary 28-nji awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda geçiriler. Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň şygary «Geliň, oýunlara giň ýol açalyň» diýlip atlandyryldy.
Şeýlelikde, Pariž bir asyrlyk arakesmeden soňra ýene bir gezek Olimpiýa oýunlaryny kabul eder. Taryhynda üçünji gezek Olimpiýa oýunlaryny kabul etjek Parižde mundan ozal 1900-nji we 1924-nji ýyllarda Olimpiadalar geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler