BIZNES

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda senagat ulgamynda durnukly ösüş gazanyldy, hususan-da Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz, 4 million 163,7 müň tonna nebit çykaryldy. Bu barada Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow şu gün Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren hasabatynda aýtdy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 13,2 göterim, mazut boýunça 31,7 göterim, aýna listi boýunça 7,9 göterim, sement boýunça 6,8 göterim, tutulan balyklar boýunça 34,2 göterim, gaýtadan işlenen hem-de gaplanan balyk we balyk önümleri boýunça 16,5 göterim, süýt önümleri boýunça 14,1 göterim, mesge ýagy boýunça 10,8 göterim, süýji-köke önümleri boýunça 5,6 göterim ösüş gazanyldy.

Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 12,7 göterim artdy. Oba hojalygynda öndürilen gök önümler 7,4 göterim, ýeralma 11,4 göterim, miwe we ir-iýmişler, 1,2 göterim, süýt 0,5 göterim we dürli agramdaky etiň öndürilişi 0,6 göterim artdy.

Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde ýüpek matalar 1,4 göterim, süýji-köke önümleri 5,9 göterim, mesge ýagy 15,3 göterim, süýt önümleri 14,5 göterim, unaş önümleri 64,1 göterim, çörek we çörek önümleri 7 göterim, gök önümler 9,3 göterim, ýeralma 5,8 göterim, süýt 0,5 göterim artdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gazagystan-Russiýa-Eýran: dörttaraplaýyn duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gazagystan demirýol arkaly ýük daşalyşyny artdyrar

Ata Watan Eserleri

Britaniýaly lord Merkezi Aziýa boýunça söwda wekili boldy

“Azerbaýjan-Merkezi Aziýa-Ýewropa” ýaşyl energiýa geçelgesi döredilýär

“Fitсh” agentligi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna reýting berdi

TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygy güýçlenýär

Ata Watan Eserleri