BILIM

Türkmenistanda täze rektorlar wezipä bellendi

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerine rektorlary bellemek hakynda resminamalara gol çekdi.

Hususan-da, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory G.Ýusupowa bu ýokary okuw mekdebiniň rektory wezipesine bellenildi. Bu ýokary okuw mekdebiniň öňki rektory J.Gurbangeldiýew bilim ministri wezipesine bellenildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesine O.Öwezsähedow bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, P.Orazowy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşatdy.  Bu institutyň rektory wezipesine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň prorektory wezipesinde işlän B.Mämmedow bellenildi.

Ýene-de okaň

III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirilýär

Kembrij sözlügi 2024-nji ýylyň “sözüni” saýlady

Aşgabatda himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri