Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ogulhajat Işangulyýewany, pensiýa gitmegi sebäpli, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesinden boşatdy.
Bu wezipä Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy wezipesinde işleýän Akjemal Durdyýewa bellendi.
Wezipä täze bellenen A.Durdyýewa bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede netijeli işlemek üçin ähli bilimini, güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Döwlet Baştutany degişli resminamalara şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi.
